Nury Halmämmede
Sen saz çalyp, özüň alsaň
lezzetini saz çalmagyň,
näme gerek başga saňa,
alyp bilen alsyn lezzet,
ýa-da çeksin agyr ezýet,
bahyllykdan basylanlar,
seniň işiň däldir bular,
ýa öwsünler, öwmesinler,
ýa döwsünler, döwmesinler,
eger özüň bolsaň ussat,
eger özüň bilseň kemiň,
ýeri, näme diýdiler nä,
diri, öli, iýdiler nä,
baýrak näme, sazyň bolsa,
döwlet näme, tazy bilen,
iň esasy – sazyň galsa,
ýüreklerde ýazy bilen.