Durmuş sapagy
Durmuş saňa sapak berse,
mugt bermeýär, pully berýär,
tölemeli öňünden, soň,
sapak alýan wagtyň hatda,
islemeseň, almasaň-da,
iberýär ol seň üstüňe
her hilije synaglary,
adamlary özüňden pes,
beýik, ýöne beýik saýsaň,
sylag, hormat etseň biraz,
birden düşýän aşak, pese,
çeken bolup sözüň kesä,
ýa ýüzüňe güler ýüzli,
ýok mahalyň dili duzly,
soň bilýärsiň ne beýik bar,
ne-de pes bar, şeýle baksaň,
bu özüňe bagly seniň,
ýa bolarsyň bolmaly han,
öz-özüne erki ýetýän,
ýa galarsyň baky bisan.