Gowy adam

Adam ölýär, ýakynlary, tanyşlar
ugradýarlar soňky ýola gynanyp,
diýýärler: wah, gara ýer dek adamdy,
ýumşakdy, hiç agyrtmazady ynsany,
garynjany görse, basmajak bolup,
aýlanyp geçerdi, yza dönerdi,
göwnüne degmejek bolardy kişiň,
diýäýmeli sözi diýmän, ýygrylyp,
içine giderdi, daşaryk gitmän,
ýok ýalaky, geçdi gitdi dawasyz,
dawasyzy hatda görmezmiş hudaý,
beýlede goý tanamagy, bilmegi,
emma onuň dymanynda her gezek,
ýa ýasama ýylgyranda zor bilen,
gysanda dişlerin gysmasyz zada,
özün näçe agyrdanyn, döwenin
bir adam, azyndan biler aýaly,
ýa adamsy, ýa-da ýakyn ýoldaşy,
hem ýylgyrar, ajy, süýji, ýok güman,
adam ölýär, kän agyrdyp özüni,
ilki diri, soň gidende o dünýä.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024