Gülmeli adamlar

Diýýärler, bilsediň arkaňdan gülüp,
ýok mahalyň näme diýýär adamlar,
ýylgyrmaňy goýardyň sen köplere,
belki, salamyňy keserdiň derrew,
maňa nämä derkar diýip bu dere,
bu depeler, dag bolmajak hiç haçan,
emma meniň başga boldy ykbalym,
näme diýse busup, kowalan, gaçan,
kärdeşlerim, ýa-da tanyş, bilişler,
türmede-de eşiderdim ertesi,
aňry gitse bir hepdeden, bilgeşlin
Annamayrat Garajaýew aýdardy,
ol o diýdi, bu bu diýdi, işidi,
KGB-niň polkownigi, ýylmanak,
bäherdenli, akyllydy özüçe,
näme diýýän, garaşardy ýeserje,
men gülerdim, başga ýokdy alajym,
şondan bäri getirseler gep-gürrüň,
ol o diýdi, bu bu diýdi, gülýärin,
maňa indi oka diýmäň taryhy,
adam näme öň ýa şu gün, bilýärin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024