Ukrain sapagy
Ýurdun gorap ölenlere,
gül düşelýän öňlerine,
soňky ýola çykan güni,
hemem ony ugradýana,
başyn egip, dyza çöküp,
gözüň gider, aglaýasyň,
bagyrasyň geler, taňrym,
biziň ili beýle ezme,
biparh etme mundan aňryk,
dönük etme öz-özüne,
derdim meniň, palta saljak,
sähel ahmal bolsaň, alla,
adam ýaly duraýyn dik,
öleýin soň esger ýaly,
ýeri, galsaň näme boljak;
hany meniň Donbasym, il,
arkam aljak bir adam ýok,
ýa söweşip ölsem bir gün,
doganym ýok egne aljak?!.