Soňsuz söweş
Elinde hiç ýaragy ýok,
ogly bardy dyza galan,
öldürdiler ejemi meň,
öldürdiler kakamy meň,
deň bolmadyk söweş gurup,
emma namart hökümeti
goraýan kän arka durup,
siz günäkär, aglaýarlar,
bir, iki däl, üýşüp urup,
öň olaryň özi kümsük,
hajy-pajy boldy bary,
indi görsem ogul-gyzy,
internetde, onda-munda,
şermendelik edýär, aman,
eger eli gelse, bilýän,
ýok ederler, ýokdur güman.
Elinde hiç ýaragy ýok,
saçy sübse, el – kesewi,
çagalaryn ese-boýa,
galdyrjakdy agtyk söýüp,
öldürdiler ejemi meň,
öldürdiler kakamy meň,
deň bolmadyk söweşdi bu,
dowam edýr entegem jeň.