Utulan il

Haýsy döwür bolsun, Sokratyň
Senekanyň döwri, Pyragyň döwri,
däli bolup galan iliň içinde,
etjegini edip gider adamlar,
diýip gider diýjegini iň bolman,
bile-göre awy berjek milletin,
bile-göre asjaklary ýüp salman,
atjaklary tüpeň alman eline,
kime, nämä jan çekýänin aňşyryp,
hem olaryň ýagdaýyny halyny,
haýsy döwür bolsa bolsun, ownuklar
salan bolar hilesini, alyny,
pikir edip, bilip bilmän ne bolar
arasynda özlerine, gara gün,
ýa ak günli, çykan biraz ýokaryk,
suw çykmajak depä, gelmänkä siller,
emel eden emelinde tutular,
pikir etme utar utulan iller.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024