Seniň günäň

Sen adamdan, obasyndan çykmadyk,
şäherdäki iň ullakan dükanyň
salgysyny soramarsyň, almarsyň,
ýa dogulan türmesinde döwletiň,
okan, bilim alan ýagdaýa görä,
adamlardan soramarsyň dünýäniň
nähiliräk işleýänin, sürýänin
arabasyn, jygyldaýan, dik, aşak,
haýsy ýoldan öwürýänin, durýanyn,
seniň özüň gitmelisiň, isleseň,
tapmalysyň şäherdäki dükany,
ýa okajak kitaplaryň, tussag däl,
irde-giçde çykjak bolýan türmeden,
ýaşajaklar üçin ýazylan dessan,
gerek bolsa, tapylmasa hiç ýerde,
galam alyp, özüň ýazmaly, bende,
o çüňkünden, bu çüňkünden seredip,
görer ýaly gözel dünýäň ak boýnun,
dyzlaryny, arkasyny ýap-ýasy,
sen gitmeseň gerek zadyň soraglap,
ýok, dünýe däl, adamlar däl, sen asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024