Ikiýüzli halypalar
Ikiýüzli halypalar, tanyşlar,
gatyrajyk ýykylmagyň islärler,
islär olar ýarylmagyn maňlaýyň,
daş diwara urup, komsomol ören,
kommunistler ören, dagdan getirip,
kündük alyp, suw akydyp ýüzüňden,
soň ganyňy ýuwuşarlar ölmeseň,
ýatman, bahym turmagyňy islärler,
sebäbi etmeli işleriň bardyr,
gara güýjüň bardyr, bardyr yhlasyň,
haka uýup, ynanýansyň azda-kän,
gowulyk edesiň gelýändir entek,
ýaşsyň, olar islär biraz durmagyň,
ganymyň öňünde, galamyň alyp,
degmez ýaly, belki, olara eli,
ýa özleri ýaly ygyp ýörene,
ertir boljak arzan, amatly samsyk,
özlerine, taýyn ýerden, galyba
gapgarylan, kerpiç bolup özleri,
haýsy diwar üçin ulansaň boljak,
islär olar urmagyňy duşmany,
ýokardaky, aldyrmajak entejik,
ýöne birden gaty daýaw bolmagyň,
at almagyň islemezler hiç haçan,
olar seniň ýykylmagyň islärler,
islär hapa işi edip gitmegiň,
eliň garyp garmasyza hiç haçan,
ýuwup, ardyp aýryp bolmaz ysyny,
olar üçin etmeli sen bu işi,
özüň üçin, hatda çagalaň üçin,
agtyklaryň üçin doguljak ertir
bolmaly däl seniň işiň hiç nepi,
ýeňişiňi olar almaly seniň,
a sen satlyk, haýyn, bilmersiň näme,
ikiýüzli pikirdeşler, tanyşlar,
gülen bolma, agla, bolmaz hiç çeniň.
Sen etmeli, sen gitmeli kyn ýola,
sen aýtmaly aýdylmaýan sözleri,
soňra olar, mukaddes ýer boş bolmaz,
seniň adyň gara suwag etmeli,
itmeli çukura, eger-de özüň,
duşman bilen darkaş gurup, ölmeseň,
diýýäň käte, oglan bolsaň, ösmeseň,
işiň etseň, bu zatlary bilmeseň.