Surat

Gidenler we galanlar

Olar üçin gorkuly däl, biz ýaly,
ýurt daşynda aglamazlar ölene,
keselläp ýa ýaş üstünden, bimahal,
galanlara yzlarynda gideniň,
uzak aralykdan, sessiz, içigip,
sebäbi ýeke däl, ýaslaryn bile,
egin-egne berip tutup bilýärler,
aglaýarlar isleseler ses edip,
ýa bolmasa agyr susup bilýärler,
tapan çöreklerin iýýärler bile,
gel diýýärler saçak ýazyp uly ile,
aç bolsalar, çaý içýärler bal edip,
ýöne käte bilmeýärler bu näme,
aýda-ýylda gürleşeňde diýýärler:
wah, gitsekdik bizem çykyp siz ýaly,
ýok, bilmeýär olar biziň halymyz,
bu, megerem, mümkin däldir ynsana,
çekmedige ozal ilinde zary,
soň ýat ilde ýaşy dammasa nana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024