Wezipe
Sen bilersiň agalaryň arkaňdan
nähili lap urýanyny, elbetde,
sen bilersiň inileriň arkaňdan,
haýsy emel gurýanyny, elbetde,
ýöne eliň degmez yza gaňrylyp,
seretmäge, ýa jogabyn bermäge,
işiň, derdiň ýetik bolar aňyrdan,
pikirini etseň aulurak zadyň,
ýa galmagyň adam bolup azajyk,
deň bolasyň gelmez egsikler bilen,
ýa-da özi bolup bilmän kösenýän,
aralykda hallan atýan bendäni
ulaldasyň gelmez, ýanyna baryp,
aýlanyp geçersiň, uzakdyr ýollar,
alajyň ýok, käte ýorulyp, aryp,
dyzyňy epersiň daşyň üstünde,
ýa gyşaran baga berersiň arka,
ýodalary ýoldan sowan, egrelden,
esasy iş durmaly däl, gitmeli,
wezipe bu, hakdan gelse, dem barka.