Öý işi
Seniň çagaň üçin eden işiň däl,
gara başyň salyp etege, bende,
öwreden zatlaryň olara günde,
mysal üçin, öý işlerin etmegi,
soňa goýman bu gün, ertir, bereket,
gorarmyşyn senden soňam, ýaradan
ýalkan bolsa, özi etse hereket.
Diýipdirler ata bilen öwünmek
akyllyň däl, açyk akmagyň işi,
öwünme sen, ýöne içden begenseň,
begen çagaň gitse özüňden öňe,
has aňyrrak, galman yzda süýrenip,
zeýrenip gelmese göýdük nesilden,
iki sözüň başyn çatyp bilmeýän,
il owarram, öz ýüzüne gülmeýän,
üstesine öwrenmeýän hiç zady,
mugt satylýan sapaklary almaýan,
sen olary az gördüömi ömrüňde,
seniň çagaň üçin eden işiň däl,
sagadyň däl alyp beren owadan,
maşynyň däl ýagy bilen, täzeje,
öwreden zatlaryň kömek bor, belki,
öwret oňa gutulmagy obadan,
kolhoz gurluşygy besdir, togtasyn,
ulus-ili eden ykmanda, selki.