Surat

Hata sapagy

Hataň kändir, azmyş kimde,
çig süýt emen adam ogly,
puşmanlaryň duşman bolar,
arka alyp gezseň dowluň,
ýa çişirseň beýniň, başyň,
ýatlatsalar - gyzsaň gaty,
eşek diýip bedew aty,
ýa-da geçi diýip düýä,
utandyran utsa, ýaşyň
gaýry ýaşap, çytsaň gaşyň,
gümana däl, çykdygyň pak,
barjak, aljak menziliň ýok.

Muňa derek ýalňyşlaryň,
çiglikleriň, aýdypdyrlar,
akylly gep: daş edinseň,
geçer ýaly basyp, basyp,
aýakgabyň gonçlary däl,
ökjesi-de suwa degmän,
bilen gowy, dostsurandan
dymýan gowy, ýüze öwmän,
göni döwýän gowy mydam,
aşaklykdan düýbüň köwmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024