Sen özüňi ogurlama
Hökümet – han, ogurlar ol dostlaryň,
kärdeşleriň ýeke-ýeke çekiler,
ozallar hiç gutarmadyk gürrüňler,
saý başynyň söhbetleri soňlanar,
gysgalar gijeler, goşgy okalan,
çekiler tanyşlar, köçede duşsa
aňsat-aňsat goýberesi gelmeýän,
öýüne çagyrýan çyndan, ýalan däl,
hökümet – han, diňe almaz dostlaryň,
eneňi, ataňy öldürer gysyp,
gara gorka çümen halkyna bakman,
sen ilkiler biraz sada bolsaň-da,
soňundan baryna düşersiň hökman,
ýokdur munda, hiç zat bolmaz tötänden,
sebäbi bar gymyldasa çöp başy,
hökümet – han, zalym bolsa, diňe sen,
öýüňden, ýurduňdan çykmarsyň gaçyp,
millet dargar ýurt içinde, daşynda,
ýer gaty bor, öküz öküzden görer,
ýöne sen bu öýke-kinä goşulma,
bolmajak bol hiç bir ogryň şärigi,
ýa şärigiň şäriginiň şärigi,
özüň bolup hökümete goşulma,
ogurlama öz ömrüňi esasy,
gahar edip, hile edip, sowulyp,
ýa aýlanyp geçip bolmaz deňinden,
sen özüňi, ömrüň taşlama ýere,
tut, berk ýapyş köýnejigiň ýeňinden,
çaga wagtyň çit matadan tikilen,
ejeň pahyr gelsin gözüň öňüne,
tikin maşynyny şyrladyp sürýän,
gutluk beren goňşulary unutma,
köýnegiňi görkezmäge gideňde,
balagym ýok diýmän syrtymda häli,
ähli zadyň ogurlansyn, aýby ýok,
özüň galsaň bolar hökümet däli.