Haram sözler
Köňül dünýä yşkynda, haram sözler tillerde... Magtymguly
Sen näme diý, näme diýme,
gybat gytmy, öz gözüňden,
ýüregiňden baksaň düýä,
begen ýada düşen söze,
agyr bolsa, bolsa erbet,
ýaralajak ýeten ýerni,
göwher boljak, gaýtalanjak
göýdükleriň dillerinde,
pikir etme netijesin,
gaýdyp geljek özüňe soň,
ogluňa ýa gyzyňa soň,
näme ýakjak gyşda pejiň
odun, çöpsüz galsa öçüp,
gal iliňden uzak, oňsoň,
bolup bilseň içinde doň,
buzlar ýaly eremedik,
kem oturma hökümetden,
enelerin öldüren kän,
atalaryn öldüren kän,
ogly turup, dursa mäkäm.
Degirmende doglan syçan
gök gürlände gorkmazmyşyn,
bu ýoly kän geçen ozal,
ýazyp bilmän goşgy, gazal,
guşlar hakda, ýaprak hakda,
bereketli toprak hakda,
bagty hakda batraklaryň,
pagta ýygýan, bugdaý ekýän,
çagalary aç, ýalaňaç,
emma muny gören görer,
görkezilmez dürtüp, alyň,
aňlaň diýip näme niýet,
kime gerek ýalançylyk,
biri busar, biri susar,
emma biri turjak bolar,
galam alyp durjak bolar,
gorajak bor seniň ýeriň,
yrsgalyny eneň, ataň,
agalaryň, inileriň,
kuwwat bersin, belki, alla,
ýol almasyn ýoly şeriň!