Islenmedik bagt
Iň ýaýragyç ýokanç kesel gorkumyş,
gaçyrýarmyş bar ysgynyn adamyň,
ulus-ili kökerýärmiş kökensiz,
ýüp gerek däl daňmak üçin milleti,
ilki basyp alyp, gyrarlar onuň
içindäki baş galdyryp biljegin,
iň esasy serederler gözüne,
pikir barmy, duýgy barmy, boşlukmy,
a soň tapyp iň gömügi, apalap,
möhüm adam edip, goýarlar öňde,
aram-aram öwüp, başyn sypalap,
ýöne birden, näme boldy, bilmersiň,
itip bolar, atyp bolar Ýežow dek,
biri diýer: işin bitirdi bende,
beýlekisi diýer: gelendir wagty,
eger seni saýlap, sylasa zalym,
görme munda diňe islenen bagty.