Kolonial alada
Imperiýa, wah, beýikdi, ýykyldy,
gelipdi kän jeset düşäp ýoluna,
iň esasy getiripdi sögünjiň
iň ahyrky derejesin, ilimiz
öwrenipdi bir-biriniň ejesin,
ozal sylap, soňra açyk..., bilýäňiz,
bir kemi ýok, gahrymandyk barymyz,
imperiýa getiripdi medeniýet,
ozal bizden ogurlanan balagy,
ilik dakyp, gowulapdy öňküden,
bedelikde ýatyp ýören, pyýada,
at münensoň, nädip adam bolmaly,
öwredipdi mekdep gurup, on ýyllap,
içip, ýolda bir iş edip, göz-gülban,
ertesi gün galstukly mugallym,
gullukçydyk, diplom bolsa bolany,
öwrenipdik beýik dilde sögünji,
hem utanman sözlemegi ýalany,
ogurlygy, onsuz boljakmy many,
nädip geçer, walla, ömrüň galany?