Esasy günäkär
Aýdylşy dek, baran ýeriň,
gören ýeriň sen bilýärsiň,
bilip bilmez yzda galan,
seniň köwşüň geýip görmän,
daşlar deşen aşagyny,
iýenleriň, içenleriň,
guçanlaryň sen bilýärsiň,
sen bilýärsiň guçmadygyň,
pikir etse etsin başga,
sebäbi bar her bir zadyň,
ýetdirmejek her bir daşka,
garalawça, daşda duran,
it edinip, äkitmeseň
ýanyň bilen giden ýerňe,
goý, kim bolsun, niýeti ne,
näme etsin, näme diýsin,
ýa diýdirsin saňa näme,
ýesir alyp, gara günde,
sen bilýärsiň bolan işi,
bolmadygyn niýet-päliň,
etjek bolan gowy zadyň,
ýalňyşlaryň ýa-da däliň,
ýere saljak ýagşy adyň,
hudaý gorap, saklananyň,
üstünligiň iň esasy,
el çarpmaga turup ýerden,
sen özüňi sud et günde,
aýyp görmän başgalarda.