Hakykat hakda hakykat
Ozal pikir etme hakykat hakda,
sebäbi bu iň dawaly mesele,
pikir etseň, kän daşyňa çykarma,
çünki başyň gowgada bor çykarsaň,
sen seredip, görersiň öz gözüňden,
ol seredip, saýgarar öz gözünden,
iň erbedi – dildir, alla, her kişiň
öz ulanýan dili bardyr her dilde,
bolsa bolsun şol bir sözler, goşulma,
alajyň ýok, päle görä sözlemiň,
ýüregiňe görä düzüler, düşer,
bomba ýaly käte, garaşmadyklar
ýaralanar iki ýerden, üç ýerden,
sen ozal az wagt ýitirdiň öwrenip,
geplemegi iki ýa-da üç ýylda,
galan ömrüň öwrenmeli dymmagy,
çaltlygy däl, saklanmagy gymyldap.