Etmesi kyn zat

Kim bolsaň-da, öňki edilen işiň
saýasynda ulalansyň, ösensiň,
ejeň bardyr, kakaň bardyr, bolandyr
başga-başga arkasynda göteren,
el uzadan, bu günlere getiren,
çykarsaň-da ýatdan atlaryn käte,
ýa olaryň edip giden işleri,
geçitleri, içitleri, gömülen,
teşneligiň gandyrandyr bir zaman,
soň olary atyp, adyn garalap,
öçürse-de hakydadan zamana,
kimi, nädip getirmezler amana?

Ýöne bu hiç aňlatmaýar dymmagy
ýalňyşlary, kemçiligi hakynda
öňki işiň, öňki jaýyň, dükanyň,
ýa ýazyjy-şahyrlaryň, alymyň,
elleri hemişe arkanly bolan,
bir goşmaça, aýdan zadyň özüňi
ýok ýeriňde bar etmäge çalşyp,
başgalary ýere sokup sypdyrma,
kelte akyl bilen iterme öňe,
onsuzam kän göze gelmez gürleýän,
ele özüň, sözüň seredip siňe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024