Dert we netije
Diktatura keseli däl milletiň,
agyr, ýeňil, netijesi derdiniň,
bir ýyllyk däl, ýüzlerçe ýyl ýolugan,
garyp ýaşap, nan atly, ol pyýada,
depe haly, beýik dagy goýaly,
göwni ýetmez kiçiräjik gaýa-da,
biri-birin aşak çeker peselen,
saklap bolmaz utan diýip, haýada.
Her kimiň bir pikiri bar, elbetde,
belki, ýalňyş, belki, dogry, aralyk,
ýöne men saklanýan, durýaryn şindem
şol bir köne pikirimde, ezýetde,
kän görüpdim çala, gowşak eseriň,
adyň çyksa žurnallarda, gazetde,
görüp bilmän, her hilije bolardy,
bahyllygyň şerabyny dadanlar,
wah, dadan däl, başşak gaçan içine,
uly humuň, gep-gybatdan dos-doly,
men ynanýan, iliň güni düzelmez,
düşünmese, aňşyrmasa bu haly.