Mesiň dini
Sen adamy tanamarsyň hor bolsa,
ýa ygtyýar berilmese ulurak,
ýöne pully başga, başga orunly,
tanadar ol uzak gitmän özüni,
dinli bolar il ýüzüne, imana
aýkgabyn süpürer-de ýylgyryp,
özi ýaly hajylary köpelder,
garma-gürme, suw bulansa hemişe
balyk tutmak aňsat bolar, naçarlar,
perwana dek, oda urar, kül bolar,
azan alla, hudaý sylaýar diýer,
aldar sada adamlary: gül bolar,
janym diýer, hanym diýer iki gün,
sen adamy tanamarsyň, tanarsyň,
çagasy aç, çäresi az, neýlesin,
ýöne barly, wezipeli üýşenmez,
bilip bular garyp iliň meýlisin.