Baý tobasy

O birisi, bu çyn habar, belki-de,
eçiljekmiş bar puluny mätäje,
az-owlak däl, onlarça müň milliard,
gök kagyzy ýygnapdyr ol, şazada,
patyşalyk el-aýagyn uzadyp,
maýa goýup, satyn alyp, satyp kän,
indi diýýär: borjum bar meň adama,
töwerekde näçe mätäç maşgala,
çül-çagaly, naçar, garry, keselli,
birlerine gerek bejergi üçin,
beýlekisi okamaly, ösmeli,
ýene biri düzetmeli durmuşyn,
gör, nähili akylly ol, dürdäne,
gör, nähili gowular bar bizde-de,
azda bolsa, şükür, toba etmeli,
hudaý diýip, talaýanyň içinde,
pul şere däl, haýra hyzmat etmeli;
o birisi, bu çyn habar, çyn bolsun,
ogly, gyzy razymyş, garşy däl,
bar puluny paýlajakmyş gereklä,
sebäbi pul bu barlygyň arşy däl.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024