Jogapsyz sorag

Sen nämüçin iliň üçin göreşjek,
ýeke adam, biri ýokka yzyňda,
üstesine – gözi erbet görmäge,
gowy bolsa, begenjek däl, güljek däl,
öz-özüni mis bahalan millete,
kümüş beren, altyn beren boljak däl,
gynanma sen, ýakma ýanan janyňy,
aýdylan-a, jaýlaýarlar merhumy,
däp üçin däl, ölüşine seredip,
sen nämüçin durjak adamlar üçin,
baş göterjek ilim diýip ýatana,
goý, sögsünler, gargasynlar, seretme,
näme diýjek öz-özüni satana?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024