Postsowet zeýrenji
Sen nämüçin gürrüň berýäň adama,
ýa nämüçin gürrüňini diňleýäň,
bolan bolup gyzyklanýan, ýadaman,
ýöne ýadap hakykatda it ýaly,
bes et indi, näme aljak, öwrenjek,
diňlän bolup özüň ýalyň gepini,
agzy boşuň, öz-özüni aldaýan,
sowetistan, yslamystan, pulystan,
o gün biri doglan güne çagyrdy,
oguljygy dört ýaşapdyr, begendim,
üç günden soň jaň etdi-de, ýalbardy,
gaýrat et-de äkitsene depiňi,
doglan günde sowgat diýip getiren;
sen nämüçin azar berýäň adama,
gürrüň berme, gürrüňlerin diňleme,
ylgap barýan, ýa-da ýadap oturan,
kime gerek açmak açyk sepini?