Golsuz arza
Erbet doga etme, dogan,
gynanýaryn saňa çyndan,
ünji edip gezdim uzak,
zäher gatma tagamyňa,
duzuň iýip, kösenmäýin,
ýa ölmäýin wagtyndan öň,
dile hakdan saglygyň täk,
dogaň bolsun özüň hakda,
dile çagaň saglygyny,
abatlygyn öý-ojagyň,
gysganma meň begligimi,
çagalarym, gülsün ýüzi,
ýetse haka, bolsun peýdaň,
zaýalama başga sözi,
çünki alla eşitmezmiş
ählisini dileg, dogaň,
bagtyň gelse, kabul bolsa,
gowy dälmi alsaň haly,
ýa-da kilim iki sany,
has owadan, gymmat maşyn,
ýa salynsaň has uly jaý,
öňki jaýyň azlyk etse,
gargyş etme, saňa näme,
başga biri ölse, ýitse?