Esasy çukur
Iň esasy – gapjygyňa ýykylma,
aljak bolup düýbündäki köpügi,
dik başaşak gaçma içine onuň,
ýa-da gaçsaň, merdiwanyň alyp gaç,
soňra çykmak kyn bolmasyn daşyna,
el uzatjak ýokdur daşardan saňa,
bilýäň ahyr adamlary, günleri,
güzerany, belki, ýyl-ýyldan agyr,
sebäbi kän shopping etmeli olar,
eli ýetmez, sen kimmişiň, özüne,
alyş-beriş etdi hemmäni ýagyr,
iň esasy goranjaň gapjykdan,
garyndyr ol, däldir zähmetkeş bagyr.