Goja nesihaty
Şahyr halky görip bolar, owadan
goşgy ýazsaň, eger-eger görkezme,
bahyl bolar ýazyjylar has beter,
batyl bolar gul bolanlar senede,
eger ýazsaň ýalňyşlykdan, hekaýaň
gowy çyksa, çykarmaga howlukma,
surat çekseň, ýa sazanda, saz çalsaň,
guş gonduryp dutar, gyjak sapyna,
çal içerde, açma gapy, penjiräň,
özüň üçin, il üçn däl, tirýegiň,
taýyn bolan mugt bermäge ölýänçäň,
soňundan: wah, gitdi diýip aglajak,
ýalanmy, çyn, öz göwnüni çaglajak,
görkezme sen gowy zadyň millete,
hatda gowy bolsa ýüregiň, päliň,
il gözüne erbetlik et kiçiräk,
sög birine, saýlap ýaşuly, pylan,
namaz okan bolýan kümsügiň aýbyn
aýdan bolup, gözünden düş köplügiň,
gybat etsin, gürrüň etsin daşyňdan,
öldürmesin olar birleşip, üýşüp,
gowulygyň üçin ýigrenip günde,
zäher edip säherleriň, şäheriň,
gurultaýy bolmasa-da artykmaç,
bardyr olar, nirä barsaň taparlar,
senden ozal özi ýaly çüýrügi,
açma ýüzüň, gowy bolsaň – ýaparlar!