O dükan
Harytsyz dükanym galdy. Magtymguly
O dükanda, bu dükanda,
ýer ýok ýagdan, ýumurtgadan,
makarondan, her dürlüsi,
millet gelip, guş iýmini,
guş ketegin alyp gidýär,
asýar eltip tokaýlarda,
gyşdan ozal, iým bermäge,
hor bolmasyn guşlar buýup,
it naharyn alýar iller,
unutmaýar pişigin-de,
kirpi üçin, süýtli käse,
mydama dur işiginde.
O dükanda, bu dükanda,
nämeler bar, alla, hudaý,
biziň halky nätdiň, beýle
etmäsiň-dä kalby gedaý,
başa çykan azyp beter,
öňküsinden kem boljak däl,
ýa-da bizi tutan başga,
özümizmi beter, betpäl?