Ogurlanan many
Sen ullakan oglan, aglamak bolmaz,
ýeňileňde näme ýeke söweşip,
ulus-iliň tomaşaçy bolanda,
öz-özüne garşy oýnalýan oýna,
kemakyl, öwseler ýüzüne garap,
bilip durup näme üçin öwýärler,
içerki, daşarky, ýüregi gara,
kömür gorse, çekindirjek adamlar,
ogurlady toýuň, ýasyň, ejeňi,
kakaňy-da tabşyrmadyň topraga,
gürrüňi ýok söýen, sylan agalaň,
daýy-daýza, dolananyň, çykanyň,
obadaşlar, görünmedi diýerler,
öli, diri biler, aýandyr gelen,
gelmedigiň ýeri garalyp galar,
döwletmişin, hökümetmiş, çagalar
pagta ýygsa, pagtasyny ogurlan,
aç saklaýan bugdaý eken daýhany,
saz gutardy, söz gutardy, aglama,
ne gülende, ne aglanda bar many.