Surat

Kerkuk hekaýasy

Adam diýdi: hudaý bize,
gargan ýaly, goýbermeýär,
ýurdumyzdan gaçyp çykyp,
aman galyp hudaý diýýän
dinsizleriň süteminden,
ýat illerde, şükür, işli,
pully bolduk hudaý halap,
emma ýene, hiç ynam ýok,
ertir erbet boljak ýaly,
gara günler geljek ýaly,
dilde hudaý, ýüregi pul,
mal diýýänler aljak ýaly,
täze gelen ýurdumyzy,
metjit gurup, akyl satyp,
erbet ýola saljak ýaly,
tygşytlaýas pulumyzy,
iýip bilmän, geýip bilmän,
gara işläp üstesine,
gaçyp-tezip töleglerden,
iberýäris yzda galan
hossarlara bölek-büçek,
iýýänimiz tarhana täk,
tozan sorýan gural togy
kän iýmesin diýip birden,
sargap sübse getirýäris,
terk edilýän ülkelerden...

Adam diýdi: hudaý bize,
gargan ýaly, goýbermeýär,
ýa özümiz ähli bela,
nirä gitsek, per bermeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024