Sen ýaryşma
Sen ýaryşma kimse bilen,
geçir, goýber gyssanýany,
motorly ýa tigirlije,
ýa tizlige guwanýany,
gaza basma egniň basyp,
geçjek bolsa sürüjiler,
göwni ýetýän ulagyna,
ýöne ýaşa ýaşyň gözel,
şarpyk çalma dulugyna,
başga biri üçin, darlar
daraltmasyn giň dünýäňi,
ylga, ýöre, dynjyňy al,
demiňi al düýpli, çuňdan,
syl ýüzüňe öwsen ýeli,
her açylan güli ýolda,
hemem ynan rowaýat,
ömrün aýdym edenlere,
öz-özüni zäherlän, kör
gelip bilmez beýle ýere.