Ýigrenç dürbüsi
Güman imanyňdan aýyrar, bolsa,
ýöne agyr jenaýatça, ýüreksiz,
agyr jeza hökümini çykarýan
kazy-kelan ondan düzüwdir diýme,
belki, has kän öý-ojagy ýumuran,
prokuror, sülçi, aklawçy bolup,
uzak ömür süren çemeçil, gelmän
hakykatyň golaýyna azajyk,
sebäbi ol näme, bilip bolmaýar,
şonuň üçin, meger, bolmaly hajy,
bermeli parany berip ýerinde,
ýa satmaly dosty-ýaryň, geçmese,
gerek haryt goýup üstünde biraz,
sen adama ýigrenjiňden seretme,
dürbi edip, golaýyňa getirip,
prokuror bolma uzakdan garap,
ol dikeljek bolýan bolsa içinden,
etjek bolma urup, uşadyp harap.