Şertsiz şert
Gapma-garşy bol özüňe,
açlyklara gözüňdäki,
dünýä bakýan doýup bilmän,
gözelligi gözüň iýýän,
güllerini synla onuň,
nebis bilen bahyllygyň
nirden nirä getriripdir,
nirelerde ýitiripdir,
haýsy depe ýa batgalyk
alyp galdy ýoldan seni,
gapma-garşy bol özüňe,
köýnek tapyp, ýapsaň teni,
don gerekdir, adam ogly,
şu bolmadyk bolsa eger,
wah, edinsem bagly howly,
düşer diýip ýürek dowly,
irden turup, gitmezdiň sen
iň hatarly ýoly saýlap,
ýa nebis däl, gedemligiň,
garşylygyň garşydaşa,
urjak, basjak, öldürjek kän,
bir gezek däl, pursat bolsa,
gapma-garşy bol özüňe,
hemem gaşyň çytman ýaşa.