Görmeziň bagty
Öňem bir ýazyjy, nägile bolup,
diýipdir adamy ýaradan, hudaý,
hepde ahyrynda, ýadaw wagtynda,
arman, irmän işläp, çiglik edipdir,
şonuň üçin käbirleri, näme et,
täzeden gur GULAG-lary, adamy
beter edip dirilikde soýandan,
görmän ýa-da gözün ýumup dogulyp,
aç halyna bolan bolup doýandan,
gidende-de, gözün açman gidipdir.