Ýatyrmaýan günä

Ýok, sen diňe eden erbet işleriň,
gara nebsiň üçin bermersiň jogap,
ýeke gezek gelýän diýip jahana,
iýip-içip, guçsam iň gowy sogap,
jogap diýip ýaşan günüň soralmaz
gowy işler, edilmedik wagtynda,
iň ullakan sorag bolar, belki-de,
bilýäň, ýeke gije ýatyp bilmersiň,
eşikleriň çykarsaň-da ählisin,
alada, gaýgyňy çykaryp taşlap,
kelläňi çişirip, çişirip ýürek,
günäň seni günde öldürer daşlap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024