Kim bolduň näme?
Kim bolduň nä, wezipeli ullakan,
haýbat atýan arka diräp döwlete,
wezipesiz, garamaýak, zeýrenýän,
şahyrsumak, Kap dagynda müddete,
pursatyna garap, seredýän aşak,
öz meseläň özüň çözüp bilmeseň,
gaýratyň bolmasa, bolsa niýetiň,
diýseň, walla, ölsem görünmän ýaşap,
özge birin kätmen berip eline,
ýa arzany, hapa ýelden dolduryp,
ýüregin çişirip, ýaş bolsa aňsat,
ýok ederler seni diýip bada-bat,
beýlekiniň garşysyna küşgürmek,
ýa garaşmak, belki, çydaman biri
turar, barar, ýok eder-de ýagyny,
halas eder meni elim garmakdan
hapa işe diýip, gowy penjekli,
aýakgabyň öle basman bir gezek,
akylly, ak bolup galsaň gyrada,
kim bolduň nä, okuw okan, okuwsyz,
başga birin borçly etseň, ederiň,
ýa çäresin bilmän egniňden basýan
ahyrynda ýere sokjak heseriň,
ogrusyň sen edil o biri ýaly,
ilin talap, ýüzük dakan eline,
bilýän, bolsa ogurlarsyň kän ömür,
gözüň çarhlap, garyp gyza, geline.