Sen içiňden ýazyljak bol

Sen azajyk başyň aşak,
çekinjeň bol, bol uýaljaň,
aýdyp ýörme pikirleriň,
bilip-bilmän, okan bolup
iki setir goşgy, gazal,
gora ýüzüň, gözüň azal,
künde salyp sürmesinler,
göwnüň gora, gora kalbyň,
ýaralanan adamlardan,
sorap baran ýaly algyň,
düşme agyr, gara güne,
sagdan, soldan gargap, ýene
eneň, ataň goýmajaklar,
gahar bolsa, çykar, nätjek,
heläk etjek bolar entek,
gaty açyk bolmasaň-da,
bolan bolaý biraz tentek,
gülen bolup ýasama kä,
çekil gyra, içigara,
eli gysga, ýetmän, belki,
aýaklaryn uzatmasyn,
sen içiňden ýazyljak bol,
bolmajak bol gasyn-gasyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024