Pelsepe düýşi
Gykylyk, galmagal, ýatar ýaly däl,
aşakdaky, ýokardaky goňşular,
gapdaldaky, biri-birinden beter,
gygyrýarlar, aglaýarlar, är-aýal,
aýal dogan, erkek dogan sögüşýär,
ilki asla düşünmedim, sebäbi
geňdi örän degýän sözler gulaga,
pikir edýän münüp, gazyna bassam,
gutar diýip işikdäki ulaga.
“Men utanýan” diýip aglaýar uly
sesi bilen çaga, uludan beter,
“olaryň öýleri kitapdan doly,
men yzyma gelsem edýärin heder!..”
Beýlekisi diýýär: "Bolanda näme?
Başga işiň, derdiň ýokmy kitapdan,
biziň maşynymyz, TW-ämiz uly,
haçan diýsek, doýup bilýäs gutapdan,
jaýymyzam iki esse olaňka,
kime derakar okuw, ýaňka-da-ýaňka?..”
"Ýok, sen düşüneok, olar akylly,
çagalary sonet okap ýatýarlar,
gep-gürrüňi Aristotel, Platon,
biziňki dek gykylyk ýok, ýuwaşja,
gürleşýärler, emma sözleri syrly,
men bilemok näm bolanyn Sokrata,
gowak adamy dek, galdym zynjyrly...”
Pikir etdim, walla, ýatar ýaly däl,
ahyry oýardy sagadym jyrlap,
düýşüm eken, alla, görkezme gaýdyp,
kim ynanar maňa, düýş diýsem aýdyp?