Gowulyk
Özi erbet bolsa, adamyň bolşy,
özünden-de beter saýar başgany,
müňkür bolar ýagşy niýet, pikirlä,
öz ýanyndan aýyp tapyp hikirdär,
ýöne, walla, gowy bolsa adamlar,
gowy saýar başgalary özünden,
ýagşa ýorup ýorulmajak zatlay,
gözlär olar gowulygy ýok ýerden,
geň galmaly, ýaşasa-da kösenip,
nep gözlemez gowy dawadan, şerden.