Beýiklik
Başga biri eden bolsa,
gyran bolsa ýüzden birin,
agladanyn müňden birin
onuň gülüp gyranynyň,
ýa ýumuran bolsa başgaň
ýurduny däl, bir şäherin,
obasyny, guýularyn
gömüp ýa-da zäher edip,
basyp alan, beýik bolan,
nämeleri diýerdi, wah,
emma özüň etseň başga,
gülmeli sen çykan dek şah.