Bahylyň etjek işi

Eger bahyl seni görmän bilmese,
eli ýetse, hökman urman bilmese,
däli diýse, tentek diýse ejizläp,
jenaýatçy diýse, jenaýat edip,
ne ýüzün, ne pälin başarsa gizläp,
ýa bilmän bilmese eden işleriň,
uly-kiçi, öz boýuňdan artyk däl,
aňlaman bilmese aýdýan aýdymyň,
onuň aýdan aýdymyna sygmaýan,
taýyn bolar sözünde däl, işinde
boýun alyp dälihana salynan,
sag içinde biridigiň saglaryň,
oýadygyň, oýatjagyň gaflatdan,
ýorgany gözüne gaçan milleti,
şonuň üçin keser sesiň başarsa,
şonuň üçin zyndan eder dünýäni,
tikenli adamdan dolduryp daşyň,
bahyldyr ol, depesine täç eden,
aýaklary, itip döşünden başyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024