Twitterçi türkmen

Twitterçi türkmen ýalbarýar, millet,
gaýrat ediň, realist bolalyň,
milletçilik, ili söýmek başga zat,
hemmejesi bolýar, ýöne serediň
bizde sansyz, biderekler gowudan
gaty artyk, has kän bolup görünýär,
kabul ediň, açyň açyp bolýanyn,
gözmi, gulak, beýniňizmi, saýawan,
ýagyş ýagsa, peýdasy ýok açmasaň,
gaýrat ediň, gülmi, gülala-güllük
däldigini görüp durus hemmämiz,
näme üçin gyzgan, demirtikeni
demirtiken diýmän, sypaýas, söýýäs,
meni asyň, atyň, çapyň, parçalaň,
emma biz bu otda bişýäris, köýýäs,
tüsseleýäs, ysy gelýär näçe ýyl,
ýanýan deriň, ýürek-bagryň, seretseň,
gaýrat ediň, realist bolalyň,
bolmaz ahyr bolmak beýle neresse.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024