Bagtly adam

Öýünde öýlänlik gaýgy adamyň,
köne diwan, agasynyň toýunda
sowgat berlen 80-nji ýyllarda,
iň arzyly mebelidir, belki-de,
emma bagtly, öýeripdir ogluny,
çykarypdyr gyzlaryny durmuşa,
agtygy bar her birinden iki, üç,
toýuň wideosyn görsene diýýär,
ýok diýseň, bilýärsiň, boljagyň bahyl,
häsini bermeli, öwmeli toýun,
gülen bolup bor-bolgusyz tomaşa,
öýünde öýlänilk gaýgy adamyň,
emma seniň gaýgyň bilen işi ýok,
düşünenok, düşünmegem islänok,
eger bolsa, aýyp tapjak, nirede,
näme işläp ýörsüň, görünmän uzak,
bagtly ol, dili uzyn, gürleýär,
akyl berýär: bolma özüňe duzak!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024