Bilinýän gysaç
Bilýän, gysaç arasynda,
sandal bilen çekiç görüp,
ulalypdyk, düşünýärin,
partiýanyň, hökümetiň,
eli ganly, aýdylmaly,
öz isleýän sözleri bar,
ýöne şükür, iki-ýeke,
öz aýdymyn aýdan boldy,
gaýtalaman başgalary,
boljak bolman başga biri,
özi bolsa, bolsa zandy,
öz aýdymyn aýdar adam,
öz agysyn aglar mydam,
il agysy boljak soňra,
bilýän, gysaç aýrylmady,
beter boldy, il ezildi,
bagşylary, sazandasy
toýa gyzdy, pula gyzdy,
ýesir boldy, ak baýdakly,
agzy hapa, hapa päli,
hökümetiň islegi bu,
islegi bu ýokarkynyň,
näçe adam zaýalasa,
döwük bolsa näçe göwün,
sungat beýik onuň üçin,
senet beýik onuň üçin,
aýagyna çökse gelip,
geregi ýok düzüwligiň,
ýa bagşylar gitse ölüp,
sazandalar, ýaşlygyndan,
ýaşar eden içi gülüp.