Iň esasy mesele
Iň esasy meselesi adamyň,
utançdan soň dogulmakda, belki-de,
utançdan öň doglan adam hor bolar,
aý, bir gezek gelýäň diýip bu dünýä,
aý, bir gezek ölýäň diýip dünýäde,
içip görüp, eger içgi tapylsa,
çekip ýörüp, eger neşe tapylsa,
mümkin bolsa, uly bolmak özüňden,
düşmek näme, bilmän iliň gözünden,
ogurlamak eliň ýeten ýerinden,
ýene näme, gyzyk berjek durmuşa,
ýiň esasy meselesi adamyň,
utançdan soň dogulmakda, iň beýik,
iň edenli, bilip durkaň kimdigiň,
ýa däldigiň arzuw edýän zatlaryň,
utançdan soň doglan bolsaň, kyn bolar,
eşek ýaly münen bedew atlaryň.