Täze köneler
Diktatura basgylansoň,
hiç galmasa abat zadyň,
ýa tutara düzüw adyň,
ozanynda, alymynda,
sözi ýuwan, sazy suwjuk,
ogurlanan üstesine,
çemeçillik bolsa kada,
ine, şular bar-a diýip,
ýüzüň gyzyp, aýdyp bilmän,
gülki bolan gülkä gülmän,
dolanarsyň köne ada,
unudylan adamlara,
kolhoz bolan paýtagtyňda,
ýapyldysy gözüň gapýan,
arhiwleri dörüp, görüp,
ozal nirä ýetilipdir,
soň nirede ýitilipdir,
ýok adamdan adam ýasap,
depe ýasap pesliklerden,
diktatura basgylansoň,
dowam edýän mesliklerden
tozanda il, ejizlände,
ekin ýaly, suwsuz ösen,
ýene alyp çykjak, belki,
köneler bor aman-esen.