Lao Tzunyň äherňinde

Eger adam öz-özüne ynansa,
ynandyrjak bolup çalyşmaz ili,
eger adam makul bilse özüni,
mätäç bolmaz öwgüsine özgäniň,
eger adam kabul etse öz-özün,
bütin dünýä kabul eder, bigäne,
ýedi ýatlar ýatlar zynharlan sözün,
ýöne dünýä käte bolar başagaý,
başy ýak, aýaklary baş bolup,
eger adam belet bolsa barlyga,
barlyk ony ýykyp bilmez daş bolup,
maňlaýyna degen, aýakdan alan,
eger adam bardygyna ynansa,
ýok diýeniň bary sözleýär ýalan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024