Eýran hakykaty
Ahun bolmak, taýak alyp eliňe,
goýun bakan ýaly, bakmak däl ili,
diýjek sözün, geýjek eşigin saýlap,
dakmak däl boýnuna darlygyň dürre,
türme bilen, ölüm bilen bimahal,
belki, bakmak öz-özüňe, adammyň,
ýa-da dälmiň, biljek bolmak wagtynda,
köçede selläňi sypyryp millet,
ýüzüňe durýança, urýança şarpyk,
ak sakgalyň, uzyn donuň sylaman,
çaga ýaly, deň-duşundan basylan,
bulaşyp gelmänkäň öýüňe agşam,
sowukdan däl, gahar-gazapdan gagşap,
dini-iman diýip, ogurlyk edip,
ýalan sözläp, hapa çümmäkäň baky,
seret sen millete, görkezer ertir,
başa bürän gara örtügiň ýakyp.