Erteki hakykaty
Kanundan “k” harpy galmadyk ýurtda,
kanun hakda gürrüň etseň umytly,
döwlet hakda “d” harpy-da galmadyk
arzuw etseň, gidip bilmän özüňden,
özüň ýaly adamlara seredip,
käbiri okuwly, käbiri gedem,
birisi baý, birisi beg, ortalyk,
beýlekisi pukararak ulalan,
saňa ýeten süýdi, gaýmagy görmän,
seniň okan kitaplaryň açmadyk,
ýassykdaşy näme, bilmedik baryp,
goşun gullugyndan görýänçe geýip,
kellesine, walla, näme bu diýip,
gözi gorkan iliň bilen galdyrap,
pikir etseň göýä döwlet bar ýaly,
ýa-da onuň sylanlaryn sylasaň,
urşa gidip, maýyp bolan düşünmän,
kime garşy, näme üçin uruşdy,
ýa ýazyjy, şahyr, deputat, alym,
iki gram içse, açýan özüni,
ýel uran işik dek, serpilip, alla,
işinde açany ýeterlik eken,
diýip, toba edip, tutarsyň ýakaň,
kanundan “k” harby galmadyk ýurtda,
hemme bilýär kime degişli saka,
kime aýagasty ýaşamak, ölmek,
başyn atyp her aýdylan ertekä.